“Lucy” enjamy älem giňişligine çykaryldy

12:3521.10.2021
0
1345

Ýupiter planetasy bilen bile bir orbita boýunça Günüň daşyndan aýlanýan Troýan asteroidlerini öwrenmek boýunça “Lucy” kosmos enjamy planetara traýektoriýa baryp ýetdi.

Bu barada NASA gullugy habar berdi.

Alymlar bu uly bolmadyk asman jisimlerini Gün ulgamynyň emele gelen ptoplanetasynyň ilkibaşky jisiminden galan daş galyndylar hasaplaýarlar.

Älem enjamynyň uçuşy ABŞ-nyň Florida ştatyndaky kosmodromdan Atlas V raketa-göterijisi arkaly amala aşyryldy.

Kosmos giňişligine çykandan soň, enjam Gün panellerini açdy, olar enjamy energiýa bilen üpjün eder.

Agramy 1,5 tonna bolan kosmos enjamy tizara Troýan asteroidleriniň iki sany iri toparyny öwrenip başlar, maglumatlar Gün ulgamynyň planetalarynyň döreýşini we ösüşiniň başlangyç döwrüni anyklamaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň