Beýik Britaniýanyň zikgehanasy köne telefonlardan altyn alar

11:4621.10.2021
0
1171

Beýik Britaniýadaky Korollyk zikgehanasy elektron galyndylardan altyny gaýtadan işlemegiň usulyny ilkinji bolup işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada BBC habar berdi.

Munuň üçin Korollyk zikgehanasy Kanadanyň “Excir” atly kärhanasy bilen enjamlaryň platalaryndaky altyny 99 göterim dikeltmek boýunça ylalaşyk baglaşdy.

Hünärmenler ýurtda diňe şu ýylyň özünde zibilhanalara taşlanan elektrik we elektron enjamlaryň 57 million tonna deňdigini belleýärler. Täze tehnologiýa olardan ýörite himiki serişde arkaly sanaýmaly minutda gymmatbaha metallary saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Zikgehananyň ýerine ýetiriji direktory Enn Jessopp täze tehnologiýanyň dünýädäki iň uly ekologik meseläni hem çözmäge ýardam etjekdigini belleýär. Işi ýurduň Ronta-Kinon-Taf ştatynyň Llantrizant diýen ýerindäki erediji zawodlarda ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Deslapky synagda tehnologiýa tas 100 göterim sap altyn almaga mümkinçilik berdi, emma onuň işi has giňeldilse, elektron platalardan palladini, kümüşi we misi hem saýlap almaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň