TÝL ― 2021: Güýçmyrat Annagulyýew täze möwsümde tapawutlanan ilkinji futbolçy

21:4020.10.2021
0
4536

«Altyn asyryň» futbolçysy Güýçmyrat Annagulyýew Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsüminde tapawutlanan ilkinji futbolçy bolmagy başardy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün çempionatyň täze möwsümi 5-nji tapgyryň senesi süýşürilen «Aşgabat» ― «Altyn asyr» duşuşygy bilen açyldy. Duşuşygyň eýýäm 10-njy minudynda «aragatnaşykçylar» Güýçmyrat Annagulyýewiň geçiren pökgüsi bilen hasapda öňe saýlandylar.

3:1 hasabynda «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlanan duşuşykda ýeňiji toparyň beýleki pökgülerini 35-nji minutda Mekan Saparow bilen 66-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

«Aşgabat» bu gollara diňe 80-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň tapawutlanmagy bilen bir gezek jogap berip bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň