2040-njy ýyla çenli Afrika buzluksyz galar

11:0421.10.2021
0
1283

Afrika yklymynda howanyň maýlamagy Ýeriň beýleki künjeklerindäkä garanyňda, has çalt depginde dowam edýär, şonuň üçin 2040-njy ýyla çenli bu yklym Kilimanjaro, Keniýa we Ruwenzori daglyklaryndaky buzluklary ýitirse gerek. Bu çaklama Bütindünýä meterorologiýa guramasynyň golaýda çap edilen resmi nutugynda aýdylýar.

“Häzir Afrikada diňe üç sany daglyk buzluklar bilen örtülendir. Suw gorlary hökmünde hyzmat etmekden juda kiçidigine seretmezden, olar jahankeşdelik we ylmy ähmiýete eýedir” diýip, nutukda bellenýär.

Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň bilermenleriniň pikirine görä, buzluklardan ilki Keniýa mahrum bolar, bu ýagdaý Kilimanjarodan we Ruwenzoriden 10 ýyl öň bolup geçer.

Bilermenler Afrikada howa maýlamagynyň beýleki sebitlerden tiz dowam edýändigini hasaba aldylar. Mysal üçin, 1991-2020-nji ýyllar aralygy öňdäki 30 ýyl bilen deňeşdirilende, has maýyl boldy.

“Klimatyň üýtgemegi geçen ýyl Afrikada azyk howpsuzlygyny has-da ýitileşdirdi, pandemiýa zerarly saglygy goraýyşda meseleler döredi, garyplyk artdy” diýlip, nutukda bellenýär. Netijede 1,2 milliondan gowrak adam öýlerini terk etmäge mejbur boldular, muňa yklymyň ýurtlaryndaky gapma-garşylyklar hem täsir edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň