Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Dewisiň kubogynda şu gün Omanyň ýygyndysy bilen duşuşar

08:0721.10.2021
0
560

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Dewisiň kubogynyň IV toparynyň Aziýa ― Okeaniýa sebitindäki üçünji duşuşygyny şu gün Omanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Türkmen tennisçileriniň halkara ýaryşdaky ilkinji iki duşuşygynda Yragyň we Mongoliýanyň ýygyndylaryny 3:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Bu netijeler bilen ildeşlerimiz pleý-off tapgyryna wagtyndan ozal çykmaga hukuk gazandylar.

«B» toparçasyndaky üçünji garşydaşymyz ― Omanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykda milli ýygyndymyza ýene-de Isa Mämmetgulyýew, Ýuriý Rogusskiý, Atlymyrat Gurbanow we Meýlis Orazmuhammedow wekilçilik eder. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Mirali Gasanow.

Omanyň ýygyndysyna Sulaýman al-Rawahi tälim berýär. Üç tennisçiden ybarat ýygyndyny Ali al-Busaidi, Isa Ali al-Sulaýmani we Marwan al-Hanjari emele getirýär.

Iki duşuşykda gazanan 2:4 hasaby bilen «B» toparçada üçünji orny eýeleýän Omanyň ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Yrakdan 0:3 hasabynda ýeňlen hem bolsa, ikinji duşuşygynda Mongoliýanyň 2:1 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň