Soňky habarlar

Arhiw

"Nasaf" AFK-nyň kubogynda finala çykdy

22:4920.10.2021
0
6833

Aziýanyň ikinji derejeli klub ýaryşy AFK-nyň Kubogy bäsleşiginiň finalynda çykyş etjek klublar belli boldy.

Çekeleşikli geçen oýunda özbek kluby “Nasaf” öz meýdançasynda Gonkongyň “Li Man” toparyny goşmaça wagtda 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji ýarymda Resio (4 ö.d.) we Norçaýewiň (26) gollary bilen öňe saýlanan özbekler 2-nji ýarymda Gil (46) we Anheliň (64 p) gollaryna çäre tapyp bilmedi.

Esasy wagty 2-2 deňlikde gutaran duşuşygyň goşmaça wagtynda, has takygy, 105+1-nji minutda Kaluderowiç tapawutlanyp, “Nasafa” ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, 2011-nji ýylyň çempiony “Nasaf” 2-nji gezek finalda oýnar.

Onuň finaldaky garşydaşy Bahreýniň “Al-Muharrak” topary bolup, olar ýarym finalda Kuweýtiň “Al-Kuwait” klubuny Al-Mardi (19) hem-de Kariokanyň (45+1) gollary bilen 2-0 ýeňdi. 3-nji gezek finala çykan Al-Muharrak” 2006-njy ýylda “Al-Faýsaliden” asgyn gelipdi. 2008-nji ýylda kubogy eýelän “Al-Muharrak” bilen “Nasafyň” arasyndaky final duşuşygy 5-nji noýabrda Bahreýniň Arad şäherindäki “Al-Muharrak” stadionynda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň