Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Iordaniýa ugrady

22:2020.10.2021
0
7160

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherinden Özbegistana ugrady.

Düýn agşam Lebap welaýatynyň merkezine gelen Olimpiýa ýygyndymyzy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Lebap welaýaty boýunça wekili Kamil Priýew garşylady. Bir gije şäherdäki «Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda düşlän ýygyndymyz, şu gün Farap gümrük nokady arkaly Özbegistana geçdi. Olar goňşy döwletden saýlama duşuşyklaryň geçiriljek ýerine ― Iordaniýa uçar.

Aziýa Kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu aýyň dowamynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyry. Iordaniýa (Amman ş.)

“F” toparça

25.10.2021 ý.

21:00 Türkmenistan – Iordaniýa (“King Abdullah II” st.)

28.10.2021 ý.

21:00 Palestina – Türkmenistan (“King Abdullah II” st.)

31.10.2021 ý.

21:00 Iordaniýa – Palestina (“King Abdullah II” st.)

Bellik: duşuşyklaryň başlanýan wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň