Täze usul işe giriziler

18:1920.10.2021
0
1268

Londonyň «Arsenal» toparynyň öňki tälimçisi, 71 ýaşly Arsen Wenger esasy ýaryşlaryň biri bolan 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda oýundan daşardaky ýagdaýy awtomatik usulda awtomatiki kesgitlemek üçin tehnologiýalaryň giriziljekdigini habar berdi.

«Karary kabul etmegiň tizliginde, esasanam, oýundan daşardaky ýagdaýy kesgitlemekde öňe gitmegimizi dowam etmeli. 2022-nji ýylda dünýä çempionatynda bu mesele boýunça ediljek işler netijesinde oýun dowam edýärkä kän wagt saklanmaz». Bu barada ol «Goal» neşirine beren interwýusynda belläp geçdi.

Katarda guraljak dünýä çempionatynyň 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň