Soňky habarlar

Arhiw

Repçi Kenýi West resmi taýdan adyny üýtgedýär

14:5320.10.2021
0
4980

Amerikaly repçi Keni Omari West resmi taýdan adyny üýtgetdi. Los-Anjelesiň kazyýeti bu haýyşy tassyklanyndan soň, sazanda özüne “Ýe” diýen ad dakdy. Sazanda hem rep žanrynyň dünýä meşhur ýyldyzy awgust aýynyň ahyrynda beren haýyşnamasynda şahsy sebäplere görä adyny üýtgetmek isleýändigini belläpdi.

Häzirki wagtda sosial aragatnaşyk ulgamlarynda aýdymçy özüni “Ýe” diýip atlandyrýar. 2018-nji ýylda bolsa ol “Ýe” atly studiýa albomyny köpçülige ýetirdi. ria.ru habarlar gullugynyň bellemegine görä, ol beren interwýularynyň birinde bu sözüň köplenç Injilde duş gelýändigini we “sen” diýlip terjime edilýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň