Soňky habarlar

Arhiw

“Facebook” adyny üýtgedýär

14:2020.10.2021
0
4126

“WhatsApp”, “Instagram”, “Messenger” we “Oculus” ýaly jemgyýetçilik tory, söhbetdeşlik programmasy we oýun platformalaryna eýeçilik edýän “Facebook” kompaniýasynyň adyny üýtgetjekdigi mälim edildi. “Verge” habar platformasynda çykan habara görä, “Facebook” eýeçiligindäki ähli şereketler başga bir at bilen bir kompaniýanyň garamagynda jemlener.

Sosial media ägirdi “Facebook” –yň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Mark Zukerberg 28-nji oktýabrda geçiriljek “Connect” atly ýyllyk ýygnagynda kompaniýanyň täze adynyň mälim etjekdigi bellenilýär. Mundan ozal “Google” kompaniýasy hem garamagyndaky ähli şereketleri “Alphabet” konglomeratynyň astynda birleşdiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň