Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda brifing geçirildi

12:0120.10.2021
0
665

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda dostlukly goňşy döwletde şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa Aşgabatdaky ilçihanalaryň, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdi. Habar berlişi ýaly, saýlawlara syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen 5 dalaşgär gatnaşýar. Olaryň dalaşgärlik maksatnamalarynda ýurdy, özbek jemgyýetini geljekde-de ösdürmegiň möhüm ugurlary beýan edilýär.

Häzirki döwürde saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň gidişi bilen tanyşmaklary üçin halkara guramalaryň wekilleri, daşary ýurtly 411 synçy çagyryldy. Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň 233 habarçysy akkreditirlendi.

Saýlawçylaryň ýurduň durmuşyndaky möhüm syýasy çärä işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi aýdyldy. Özbegistan Respublikasynyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda 54 saýlaw uçastogy, şol sanda Aşgabatdaky wekilhanada 42-nji saýlaw uçastogy hereket edýär.

Brifingiň dowamynda ilçi 1989-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda «Döwlet dili hakynda» Kanunyň kabul edilmegi bilen, özbek diline döwlet dili derejesiniň berlendigini we şu ýyl oňa 32 ýylyň dolýandygyny habar berdi. 2020-nji ýylda bu sene, ýagny her ýylyň 21-nji oktýabry kanun esasynda «Özbek dili baýramy» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen bagly täzelikde «Özbek diliniň düşündirişli sözlügi» neşir edilip, onuň nusgalarynyň Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň gaznasyna-da sowgat beriljekdigi we türkmenistanly okyjylarada elýeterli boljakdygy aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň