Jumamyrat Jumamyradow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyň baş emini bolar

11:5620.10.2021
0
987

Paýtagtly hünärmen Jumamyrat Jumamyradow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminde geçiriljek ilkinji duşuşygyň baş emini bolar.

Şu gün «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi meýdanynda sagat 16-da başlanjak «Aşgabat» ― «Altyn asyr» duşuşygynda baş emine M.Nurberdiýew bilen E.Ýazmyradow ýardam berer.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşykdaky ätiýaçdaky emin bolmak wezipesini M.Allaberdiýewe, gözegçi eminligini H.Rejebowa ynandy.

Bu duşuşygyň tertipde 5-nji tapgyrda görkezilýändigine garamazdan, onuň wagtynda öňe süýşürilendigini aýtmak gerek. Çempionatyň täze möwsüminiň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary bolsa 25-nji oktýabrda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň