Garward uniwersiteti dünýäniň iň baý ýokary okuw mekdebi diýlip yglan edildi

11:5520.10.2021
0
1173

Düýn, penşenbede çap edilen maliýe hasabaty boýunça Garward uniwersitetine geçirilýän haýyr-sahawat maliýe kömegi 27 göterim artdy, bu ony dünýäniň iň baý uniwersiteti diýip yglan etmäge mümkinçilik berýär. Bu barada AFP habarlar gullugy habar berdi.

Şeýle maliýe kömegi ABŞ-nyň bilim ulgamynda giňden ýaýrandyr, ýurtda ýokary okuw mekdepleri şahsy maliýe kömeginiň hasabyna işleýärler. Ol maliýe çeşmeleri, esasan, anyk taslamalara ýa-da bilim bermegiň ugurlaryna sarp edilýär.

Şeýlelikde berilýän kömek pullarynyň bary-ýogy 5 göterimden 5,5 göterime çenlisi uniwersitetiň özüne sarp edilýär. 2020-21-nji okuw ýylynda onuň mukdary 2 milliard dollardan hem gowrak boldy.

Agzalan maliýe kömeginiň möçberi GAR-yň ýa-da Niderlandlaryň Merkezi banklarynyň rezerwlerine deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň