Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň iri awiakompaniýasy işini bes etdi

11:5320.10.2021
0
1021

Düýn Italiýanyň iň uly “Alitalia” awiakompaniýasy batmagy zerarly öz işini bes edýändigini resmi habar berdi. Muňa dünýäde ýokanç sebäpli emele gelen ykdysady ýagdaýlar sebäp boldy diýlip, beýanatda nygtalýar.

“Alitalia” döwlet howa gatnadyjysy iň soňky gatnawyny ýurduň Sardini ülkesinden Rimiň aeroportuna amala aşyrdy. Şu günden— 15-nji oktýabrdan başlap, uçuşlar täze ITA (Italia Trasporto Aereo) brendi bilen amala aşyrylar.

1946-njy ýylda esaslandyrylan Alitalia pandemiýanyň zyýanyna döz gelip bilmedi, şeýle hem kompaniýanyň batmagyna ýurduň içki bazarynda barha kuwwatlanýan tizbahym otly gatnawlary sebäp boldy. Soňky 20 ýylyň içinde kompaniýany halas etmek üçin ýurduň hökümeti 13 milliard dollar sarp etdi.

Habarda aýdylyşyna görä, “Alitaliýanyň” 10 müň 500 sany işgäriniň üçden biri ITA-nyň garamagyna berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň