Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan daşary ýurtly jahankeşdeler üçin serhetlerini açdy

11:4520.10.2021
0
4901

Hindistanyň hökümeti 15-nji oktýabrda, koronawirus ýokanjy bilen kesellileriň görnetin azalmagy bilen baglylykda, doly sanjym alan daşary ýurt jahankeşdeleri üçin serhetlerini açdy. Bu barada UNN habarlar gullugy habar berýär. Indi 2020-nji ýylyň martynda girizilen gadaganlykdan soň ilkinji gezek daşary ýurtlular ýurda gelip bilerler.

Heniz olaryň Hindistanda gelenden soňra karantinde saklanjakdygy ýa-da däldigi mälim däl, emma jahankeşdeleriň hökman sanjym alan we hindi topragyna aralaşanyndan soňky 72 sagadyň dowamynda ýokanjyň ýokdugy barada güwänamasynyň bolmagy hökmanydyr. Häzirki wagtda bu ýurtda her günki ýokanç bilen kesellänleriň sany 20 müňden azdyr, maýda bu görkeziji 400 müňe deňdi.

Hindistanyň hökümeti öz ilatyny 970 million sanjym bilen üpjün etdi, ilatyň tas 70 göterimi COVID-19-a garşy sanjymyň iň bolmanda birini aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň