16-njy oktýabrda Stambula iş sapary bilen baran Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany “Talyban” hereketi (RF-da gadagan edilen gurama) hyzmatdaşlyk etmek barada özara gatnaşyklara çagyrdy. Merkel bu bosgunçylyk bilen bagly ýene bir krizisiň öňüni almaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýar.
Merkel Owganystana haýyr-sahawat kömeginiň berilmeginiň ýerlikli boljakdygyny nygtady, ýogsam, öňdäki gyş Owganystan üçin heläkçilikli ýagdaýy döredip biler.
Talyplar Owganystanda häkimiýeti ele alanlaryndan bäri ÝB bosgunlaryň täze akymyndan ätiýaçlyk edýär. Şonuň üçin Merkel bilen Ärdoganyň arasyndaky gepleşikleriň esasy temasy 2016-njy ýylda Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bosgunlaryň meselesi baradaky ylalaşyk boldy.
Bu ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, alty milliard ýewro maliýe kömegini almak şerti bilen, Türkiýe bikanun bosgunlaryň Ýewropa aralaşmagyna päsgel bermekliga borçlandy.
Şeýle hem Siriýada raýatlyk urşy başlanandan bäri 2011-nji ýylda Türkiýe bu ýurtdan 3,7 milliondan gowrak bosguny, Owganystandan we beýleki ýurtlardan hem bosgunlaryň köp sanlysyny kabul etdi.