Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Çempionlar ligasynyň toparçadaky 3-nji tapgyr duşuşyklarynyň 8-si geçiriler

18:5019.10.2021
0
885

Dünýäniň ähli künjeginde uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän futbol boýunça Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklary gyzgalaňly dowam edýär. Toparçadaky geçirilen duşuşyklaryň iki tapgyrynyň netijesinde tomaşaçylaryň indiki geçiriljek oýunlara bolan gyzyklanmasy has artdy. Bu gün bolsa Ýer ýüzüniň iň tejribeli futbolçylarynyň arzyly kubok ugrunda göreşýän ýaryşynyň toparçadaky 3-nji tapgyry badalga alar.

Şu gün Aşgabat wagty bilen 21:45-de hem-de 00:00-da tapgyryň ilkinji 8 duşuşygy bolar. Onda “PSŽ”, Madridiň “Realy”, “Liwerpul”, “Mançester Siti”, “Inter”, “Borussiýa Dortmund” ýaly öňdebaryjy toparlaryň duşuşyklary geçiriler. Şeýle-de täsin oýny bilen ligany dowam edýän “Şerif” futbol topary nobatdaky täsinligini görkezmäge synanyşar.

Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň ilkinji 8 duşuşygynyň we olaryň geçiriljek wagtynyň tertipnamasy:

  • “Beşiktaş” (Türkiýe) - “Sporting” (Portugaliýa) — 21:45;
  • “Brýugge” (Belgiýa) - “Mançester Siti” (Angliýa) — 21:45;
  • “Şahtýor Donetsk” (Ukraina) - Madridiň “Realy” (Ispaniýa) — 00:00;
  • “PSŽ” (Fransiýa) – “Leýpsig” (Germaniýa) — 00:00;
  • “Atletiko Madrid” (Ispaniýa) – “Liwerpul” (Angliýa) — 00:00;
  • “Inter” (Italiýa) – “Şerif” (Moldowa) — 00:00;
  • “Aýaks” (Niderlandlar) – “Borussia Dortmund” (Germaniýa) — 00:00;
  • “Porto” (Portugaliýa) – “Milan” (Italiýa) — 00:00.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň