“Apple” täze “Air Pods 3” gulaklyklary bilen tanyşdyrdy

17:5819.10.2021
0
3931

Güýzdäki ikinji tanyşdyryş dabarasynda “Apple” kompaniýasy “giňişlikdäki ses” we Dolby Atmos ses ulgamlaryny goldaýan “AirPods” simsiz gulaklyklarynyň üçünji neslini tanyşdyrdy. Iphones.ru-nyň belleýşi ýaly, “AirPods-yň” dizaýny we olary zarýadlamak “Pro” wersiýasynyň görnüşinde ýasaldy.

Kompaniýa täze görnüşli gulaklyklaryň islendik ulanyjy üçin oňaýly boljakdygyny kepillendirýär. “Pro” wersiýasyndan tapawutlylykda, “AirPods 3-de” işjeň ses peseltme aýratynlygy ýokdur, ýöne ol giňişlik we hasaplama audiosyny goldaýar. Enjamyň batareýasy 6 sagatlap aýdym diňlemäge ýetýär, 5 minutlyk berlen zarýad bolsa onuň bir sagatlap işlemegini üpjün eder.

Täze enjamyň zarýad beriş ulgamy simsiz zarýadlandyrmagy we “MagSafe” aýratynlygyny goldaýar. Mundan başga-da, täze enjamda “AirPods” gulaklyklarynyň ulanyşdadygyny bildirýän ýa-da enjamyň “iPhone” smartfonuna has çalt birikdirilmegini kesgitleýän datçigi täzelendi.

ABŞ-da “AirPods” simsiz gulaklyklarynyň täze üçünji nesliniň bahasy 179 dollara barabar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň