Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Iş Nokady» koworking merkezinde satuw boýunça halkara hünärmeniň gatnaşmagynda biznes-lanç geçiriler

12:1119.10.2021
0
3501

Aşgabatda ýerleşýän «Iş Nokady» koworking merkezinde satuw boýunça halkara hünärmeni Igor Sokurenkonyň gatnaşmagynda 30-njy oktýabrda boljak biznes-lanç guramaçylykly we ýokary derejede geçiriler.

«Satuw ulgamyny guramagyň tapgyrlary» mowzugy bilen geçiriljek bu çäre telekeçiler we işewürler üçin has gyzykly bolar. Iş tejribesi bolmadyk adamlar bu çärä gatnaşyp bilmezler.

Biznes-lançyň çäginde şu aşakdaky guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar:

• Bazar maksatlaryny we işewürligiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek;
• Satuw we öňdebaryjy ülňiler (modeller) babatda ýollary kesgitlemek;
• Müşderi ammaryny (bazasyny) we esasy müşderiler bilen özara gatnaşyk ülňisini (modelini) ulgamlaşdyrmak;
• Satuwy meýilnamalaşdyrmak;
• Satuw bölüminiň gurluşyny döretmek, jogapkärçilikli ugurlaryny paýlamak;
• Satuw bölüminiň işgärlerini işe kabul etmek we meýilnamalaşdyrmak;
• Satuw menejeri (iş dolandyryjysy) üçin düzgünleriň beýany;
• Satyjynyň täjirçilik işjeňliginiň ölçegleriniň (standartlarynyň) beýany
• Satuw bölümi üçin ahlak we maddy höweslendiriş ulgamyny döretmek;
• Satuw dolandyryş ulgamyny döretmek;
• CRM tehnologiýasyny ornaşdyrmak

  • Biznes-lança gatnaşmak üçin töleg: 500 TMT.
  • Biznes-lançyň başlanýan wagty: sagat 12:00-da.
  • Biznes-lançda öňünden niýetlenilen 20 oturgyç bar.
  • Biznes-lança gatnaşmak üçin şu telefon belgä jaň edip bilersiňiz: +993 12 468 165
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň