Soňky habarlar

Arhiw

Arktikada iň gadymy buzluk döwüldi

11:1719.10.2021
0
1118

Kanadanyň Manitoba uniwersitetiniň alymlary iň gadymy arktika buzlugynda jaýrygy hasaba aldylar, bu barada UNN habarlar gullugy ýazýar.

Jaýrygy Elsmir adasynyň demirgazygynda hasaba aldylar, onuň göwrümi 3 müň inedördül kilometre deň. Onuň güýçli şemalyň täsiri bilen emele gelendigi habar berilýär.

Hünärmenler öň gadymy buzlugyň klimatyň üýtgemegine durnuklydygy baradaky pikiriň o diýen dogry däldigi hakynda netijä geldiler. Bu ýagdaý ähli buzluklaryň hem ýumrulmagyna getirip biler diýip, alymlar çaklaýarlar.

Şeýle-de Günorta guşaklykda gözegçilikleriň bütin taryhynda iň sowuk gyş hasaba alyndy, howanyň derejesi -61 derejä deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň