“Ege Logistic” kompaniýasy elýeter multimodal ulag ýük daşamalaryny hödürleýär

17:2018.10.2021
0
3771

Ulag logistikasy boýunça tejribeli kompaniýalaryň biri bolan “Ege Logistic” multimodal transport hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini hödürleýär. Hyzmatlar demir ýol, şeýle-de beýleki ulag görnüşleri bilen bellenen ugur boýunça harytlary daşamakdan we ugratmakdan ybaratdyr.

Multimodal ýük daşama gatnawlary demir ýol arkaly eltip bermek we getirmek meseleleriniň çözgüdidir. Ykdysady netijelilik nukdaýnazaryndan, kompaniýanyň logistik hünärmenleri ýüküň howpsuzlygy üçin iň amatly ugry kesgitleýärler we daşamalary şol ugur boýunça ýola goýýarlar. Hyzmatlar iberilýän harytlary soňky nokada çenli eltip bermegi öz içine alýar. Kompaniýa ýükleri barmaly ýerine eltmek bilen, ýüküň düşürilmeginde we saklanmagynda jogapkärçiligi üstüne alýar.

Harytlaryň utgaşdyrylan tertipde we üstünlikli daşalmagy logistik kompaniýalaryň netijeli işine bagly bolup durýar. “Ege Logistic” toparynda daşary ýurtlarda tejribesi bolan, şeýle-de zerur bolsa müşderilere multimodal ulag hyzmatlary barada jikme-jik maslahat bermäge taýýar ýaş we başarnykly hünärmenler zähmet çekýär.

“Ege Logistic” Türkmenistanyň döwlet we hususy önümçilik, söwda kärhanalary, şol sanda daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň netijesinde kompaniýanyň hyzmat ediş mümkinçilikleri ýokarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň