Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

04:3118.10.2021
0
4271

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny iberdi.

Türkmen Lideri öz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Azerbaýjanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de häzirki wagtda dürli pudaklarda okgunly ösüşiň dowam edýändigini belleýär.

«Biz Türkmenistanda Siziň parasatly baştutanlygyňyzda doganlyk Azerbaýjanyň ýeten sepgitlerine begenýäris» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki halkyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Geýdar ogluna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň