Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda jemgyýetçilik tertibine kömek berýän 20 sany gözegçilik nokady gurlar

21:0317.10.2021
0
47662

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde 20 sany jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny gurmak boýunça tender yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde Kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

44-46-64

44-46-77

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň