Arhiw

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 100 müň rus rubly möçberindäki bir ýyllyk stipendiýa üçin bäsleşip bilerler

20:1517.10.2021
0
25280
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 100 müň rus rubly möçberindäki bir ýyllyk stipendiýa üçin bäsleşip bilerler

Türkmenistanyň 9-11-nji synp mekdep okuwçylary matematika dersi boýunça “Я решаю!” atly VIII halkara bäsleşigine çagyrylýar. Bäsleşik üç tapgyrda geçirilip, ikisi onlaýn tapgyr, şeýle-de jemleýji tapgyrdan ybarat. Bäsleşige gatnaşmak mugtdur.

Bu ýyl ýaryşyň birinji saýlama tapgyry 8-nji noýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşmak üçin mekdep okuwçylary bäsleşigiň resmi saýtynda hasaba alnyp, birinji tapgyryň meselelerini onlaýn çözmeli bolarlar. Şondan soň, tapawutlanan 1000 okuwçy 2021-nji ýylyň 16-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda geçiriljek indiki tapgyra geçer. 2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda boljak jemleýji tapgyrda bolsa saýlanan 30 okuwçy bäsleşer, ertesi gün olaryň 10-sy ýeňiji diýlip yglan ediler.

Ilkinji onlaýn saýlama tapgyrynyň meselelerini 8-nji noýabra çenli çözüp bolýar. Bu ýyl esasy baýragyň mukdary — ýyllyk stipendiýa göwrüminde, öňküden bolsa takmynan 1,5 esse ýokary bolar. 11-nji synplardan ýeňiş gazanjak 5 okuwçynyň her birine ýokary okuw mekdebiniň birinji ýylynda ortaça 100 müň rubl goldaw berler.

Matematika dersi boýunça “Я решаю!” atly halkara bäsleşigi 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bäsleşigiň esaslandyrylany bäri oňa Russiýanyň ähli sebitlerinden we Ýewraziýanyň 17 ýurdundan 29 müňden gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy. Onda ýeňiş gazanan okuwçylar Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerine kabul edildi we stipendiýa tölegini aldylar. Bäsleşigiň ilkinji ýeňijileri bolsa eýýäm içerki pudagyň innowasiýa ugurlarynda işleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň