«Samsung» ― 2021-nji ýylda işgärlerine rahat iş şertlerini döreden iň gowy kompaniýa

13:2617.10.2021
0
6042

«Forbes» işgärleri üçin iň amatly şertleri döredýän kompaniýalaryň reýtingini çap etdi. Maglumatlara görä, «Samsung» 2021-nji ýylda dünýäniň iň gowy iş berijisi diýlip ykrar edildi.

IBM we «Microsoft» degişlilikde ikinji we üçünji orny eýeledi. «Amazon» dördünji orunda, «Apple» korporasiýasy bolsa öňdebaryjy bäşligi jemleýär.

«Ferra.ru»-nuň habar bermegine görä, reýtingi düzmek üçin dünýäniň 58 ýurdundan takmynan 150 müň işgär bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň