Dünýäniň iň uzyn boýly zenany Türkiýede ýaşaýar

12:1917.10.2021
0
23154

Türkiýeli zenan Rumeýsa Gelgi häzirki wagtda dünýäniň iň uzyn boýly zenany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň boýy 215,16 santmetre deň. Gelgi çakdanaşa tiz boý ösmesini alamatlandyrýan Uiweriň sindromyndan ejir çekýar. Şonuň üçin ol maýyplar arabasynda hereket edýär.

Rumeýsa 2014-nji ýylda 18 ýaşynda dünýäde iň uzyn boýly gyz hökmünde yglan edilipdi.

Bu ugurda öňki rekord Hytaýyň ýaşaýjysy Ýao Defene degişlidi, onuň boýy 233,3 santimetre deň bolup, 2010-njy ýylda Ginnesiň kitabyna girdi. Ýao 2012-nji ýylda 40 ýaşynda aradan çykdy.

Dünýäniň iň uzyn boýly erkegi hem Türkiýede ýsşaýar, ol 251 santimetr boýy bolan Soltan Keserdir.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2015-nji ýylda Taýlandda dünýäniň iň uzyn boýly ýaşaýjysy Pornçaý Saosri aradan çykdy, onuň boýy 269 samtimetre deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň