Arhiw

Köpsanly pirakantalar Aşgabadyň seýilgählerine bezeg berýär

09:4517.10.2021
0
9746
Köpsanly pirakantalar Aşgabadyň seýilgählerine bezeg berýär

Aşgabadyň gür baglaryna ownuk, togalajyk mämişi miweleri bilen örtülen pes gyrymsy agaçlar özboluşly owadanlyk berýär. Bu täsin ösümlige pirakanta diýilýär. Onuň ady grek dilinden terjime edilende “ot” we “tiken” diýen manyny berip, “otly miweleriň tikenli ösümligi” ýa-da “otly tiken” diýlip atlandyrylýar. Gök öwüsýän gyrymsy ösümligiň watany günorta-gündogar Aziýa hasaplanýar. Ol alma agajy bilen urugdaş, şeýle hem erik, behi, şetdaly, alça, armyt ýaly miweli agaçlar bilen deň hasap edilýär.

Türkmenistanda bu ösümlik maşgalasynyň wekilleriniň 80-den gowrak görnüşi bar, ýagny böwürslen, badam ýaly agaçlar bilen baglanyşyklydyr. Pirakantanyň miweleri kiçi almalara çalym edýär. Bu ajy tagamly miwäni iýip bolmaýar, ýöne onuň ösümligi bezegi bilen gül çemenine bezeg berýär.

Aşgabadyň köçelerinde we seýilgählerinde ösümligiň şäher pirakantasy görnüşi ulanylýar, ýöne paýtagtyň botanika bagynda onuň üç dürli görnüşine gabat gelmek bolýar. Pirakanta şäherde 1972-nji ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär (tohumlary Suhumiden getirildi). Onuň açyk gyzyl reňklisi Duşenbeden, inçe ýaprakly görnüşi bolsa Hytaýyň günorta-günbataryndan getirildi. Bagbançylykda bu gyrymsy agaç özbaşdak, şeýle-de umumylykda ösdürilýär.

“Нейтральный Туркменистан” gazetiniň habar bermegine görä, bu ösümlikler şäheriň seýilgäh meýdançalaryny ýylboýy ýaşyl ýapraklar bilen, gyşyna bolsa açyk miweleri bilen örtýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň