Soňky habarlar

Arhiw

3-nji ýanwarda “Aşgabat” kinoteatrynda amerikan kinematografiýaçylarynyň işleriniň Täze ýyl mynasybetli görkezilişi bolar

15:1702.01.2015
0
3216

Aşgabat, 2-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 2015-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda “Aşgabat” kinoteatrynda guraljak amerikan filmleriniň Täze ýyl mynasybetli görkezilişine çagyrýar. Çäräniň maksatnamasyna amerikan kinematografiýaçylarynyň işleri girizilendir.

10.00. “Sowuk ýürek” (Multfilm rus dilinde)

15.00. “Biz bir bütewi topar” (Film rus dilinde)

18.00. “Meniň adym Bak” (Türkmençe subtitri bilen iňlis dilindäki dokumental film)

Giriş petegi mugt, hemme isleg bildirýänler çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň