Arhiw

«McDonald’s» emeli etden täze tagam taýýarlar

18:1415.10.2021
0
1805
«McDonald’s» emeli etden täze tagam taýýarlar

Meşhur «McDonald’s» tiz tagam zynjyry emeli etden burgeriň täze görnüşini taýýarlar. Täze «McPlantda» ösümlik esasly et, nohut, tüwi, kartoşka, şugundyr we bir bölek peýnir bar.

Synag emeli et burgerleriniň goşulmagynyň zynjyryň işine nähili täsir etjekdigini görkezer diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, önümlere täzelik goşmak sarp edijileri özüne çekip biler. «Ferra.ru» habar gullugynyň habaryna görä, täze tagam menýuda noýabr aýynda peýda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň