«Facebook» mundan beýläk ýalany ýüze çykarar

18:0715.10.2021
0
3517

«Facebook» sosial ulgamy «Facebook Protect» atly feýklere garşy programmany hödürledi. Ol programmanyň şertlerini kabul etmekden ýüz öwüren ulanyjylary petiklär.

Bu programma dürli ýalňyş maglumatlara garşy göreşmek, meşhur adamlaryň we «Facebook»-da yzarlaýjylary we dostlary köp bolanlaryň hasaplaryny goramak üçin döredildi.

Programmanyň şertlerine girýän ulanyjylaryň sahypalarynda sahypanyň kime degişlidigi we hasaby haýsy kompaniýa ýa-da gurama bilen baglanyşdyryp boljakdygy görkezilýär. Ulgam şeýle hasaplara abanýan howplara gözegçilik edýär. Mundan başga-da, «Facebook Protect» tassyklanmadyk ýa-da ýalan maglumatlar bilen ýazgylary yzygiderli neşir edýän ulanyjylaryň hasaplaryny ýapýar. «Ferra.ru»-nyň habaryna görä, «Facebook Protect» 28-nji oktýabrda kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň