Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanasy awtoulaglar üçin 36430 sany akkumulýator batareýasyny öndürdi

17:2915.10.2021
0
5502

Awtoulaglar üçin akkumulýator batareýalary bazarynda esasy orny eýelän «Kökçi» hojalyk jemgyýeti Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, şu ýylyň 9 aýynda 36430 sany önüm öndürdi.

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti nominal kuwwaty 60, 65, 75, 90, 100, 190 we 200 A-ç bolan, 7 görnüşli awtoulag batareýalaryny öndürýär.

Geçen ýylyň degişli döwri üçin «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik görkezijisi 21946 sany önüm boldy. Munuň özi bolsa, bu hususy kärhananyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaklyk üçin görülýän çäreleriň netijelidigine, şeýle hem bu ýerde işleriň talabalaýyk guralyşyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň bazarlaryny akkumulýator batareýalary bilen üpjün edýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleri goňşy Owganystan döwletine hem eksport edilýär.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň