Soňky habarlar

Arhiw

«LinkedIn» Hytaýdan çykýar

16:1815.10.2021
0
3710

«Microsoft» «LinkedIn» professional sosial ulgamynyň Hytaýdan çykýandygyny mälim etdi. «LinkedIn» bu karary «aşa çylşyrymly iş gurşawy we Hytaý häkimiýetleriniň esassyz talaplary» bilen esaslandyrýar.

Şeýlelikde, Hytaýdaky iň soňky Amerikan sosial ulgamy hem ýapyldy. Şeýle hem, «LinkedIn» öz hyzmatynyň hytaý görnüşlerini jemgyýetçilik ýokundysy bolmadyk iş ýerleşdirmek hyzmaty bilen çalyşjakdygyny mälim etdi.

«LinkedIn» sosial ulgamy Hytaýda 2014-nji ýyldan bäri işleýär. «3dnews.ru»-nyň habaryna görä, hytaý eksportçylary we işewür adamlary ony, köplenç, daşary ýurtly müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň