Daşoguz welaýatynda 10-dan gowrak ýerde Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy

12:4115.10.2021
0
7731
Daşoguz welaýatynda 10-dan gowrak ýerde Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy

Daşoguz welaýatynyň ilatly, jemgyýetçilik ýerlerinde “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan 13 nokatda TM Wi-Fi çäksiz simsiz interneti gurnalandyr. Welaýatda Wi-Fi ulgamynyň işleýän ýerleriniň interaktiw kartasy kompaniýanyň resmi saýtynda köpçülige ýetirilýär.

Internete birikmek üçin mümkin bolan torlaryň sanawyndan Telekom Wi-Fi toruny saýlamaly. Şondan soň Wi-Fi aragatnaşygynyň sahypasy açylýar. Täze ulanyjylar bolsa ilkinji nobatda hasaba alynmalydyr.

Çäksiz internetiň ýygylygy bir enjamda 3 mbit/sekunda barabardyr.

Köpçülikleýin peýdalanylýan TM Wi-Fi çäksiz internetiniň nyrhnamalary (“Türkmentelekom” EAK-nyň resmi saýtyndaky maglumatlar esasynda)

  • 1 sagadyna — 5 manat;
  • 3 sagadyna — 10 manat;
  • 1 gününe — 15 manat;
  • 7 gün üçin — 50 manat;
  • 1 aý üçin — 150 manat.

Daşoguz welaýatynyň şäheriçi TM Wi-Fi ulgamynyň nokatlarynyň salgylary:

  1. “Daşoguz” şypahanasy (Gurbansoltan eje adyndaky etraby)
  2. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň aragatnaşyk bölümi (Türkmenbaşy köçesi, 6-njy jaý)
  3. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň aragatnaşyk bölümi (Aragatnaşyk köçesi, jaý 2)
  4. Köneürgenç etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Nyýazow köçesi, 21-nji jaý)
  5. Gubadag etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Özbegistan köçesi, 30-njy jaý)
  6. Boldumsaz etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Ýegendurdyýew köçesi, 15-nji jaý)
  7. Görogly etrabynyň aragatnaşyk bölümi (A.Nyýazow köçesi, 25-nji jaý)
  8. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň aragatnaşyk bölümi (Hasylçy köçesi, 6-njy jaý)
  9. Akdepe etrabynyň aragatnaşyk bölümi (Parahat köçesi, 15-nji jaý)
  10. Daşoguz şäheriniň aragatnaşyk bölümi (Türkmenbaşy köçesi, 44-nji jaý)
  11. Daşoguz şäheriniň “Daýhan” merkezi bazary
  12. Daşoguz şäheriniň “Arzuw” kafesi
  13. Daşoguz welaýatynyň merkezi wokzaly
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň