Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri benziniň GDA-nyň giňişligindäki iň arzan ýeriniň Türkmenistandygyny belleýärler

19:1301.01.2015
0
4081

 Aşgabat, 1-nji ýanwar. «Türkmenportal».

1-nji ýanwardan Türkmenistanda benziniň bahasy 60% gymmatlap, indi onuň  litri 1 manada deň boldy. Häzirki wagta çenli 95-lik benziniň litri 62 teňňä barabardy.

 Täze ýylyň ilkinji güni bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň esasy üns berýän täzelikleriniň birine öwrüldi. Dürli ýurtlaryň žurnalistleri Türkmenistanda ýangyjyň bahasynyň gymmatlandygy hakyndaky habara giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzyň benziniň arzanlygy babatda “rekordçy” bolandygyny nygtaýarlar. Şeýle-de hatda häzirki wagtda onuň bahasy gymmatlansoňam Türkmenistanyň benziniň iň arzan ýeri bolmagynda galýandygyny aýdýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň