Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň Aşgabat baradaky kitaby türk diline terjime edildi

22:0814.10.2021
0
3456

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary we mugallymlary, gazetleriň baş redaktorlary, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarasyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, türk ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň professorlary we mugallymlary gatnaşdy.

Dabarany açmak bilen, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew täze kitabyň neşir edilmeginiň Prezidentiň türk dilindäki meşhur kitaplarynyň hataryny köpeldendigi barada belläp geçdi. Paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini suratlandyrýan bu kitabyň bölümleri barada aýdyp, rektor “Ginnessiň rekordlar kitabyna” girizilen desgalar barada belläp geçdi.

Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Oral çykyş etdi. Ol kitabyň sahypalarynda paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleriniň suratlarynyň bardygyny belledi. Şeýle-de bu gyzykly kitabyň türk okyjylaryna türkmen paýtagtynyň gözelligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi barada nygtady. Türkmenistanyň paýtagty barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu kitap ylmy, taryhy we filosofik nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin baý çeşme bolup durýar.

Türk tarapyndan çykyş eden ANKASAM gözlegler merkeziniň başlygy, professor M.Erol, Ankara uniwersitetiniň dosenti B.Saryýew, Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň doktory E.Ýylmaz bu kitapda döwlet baştutanynyň ata Watanyna, türkmen paýtagtyna, mähriban halkyna bolan söýgüsiniň şöhlelendirilýändigi barada belläp geçdiler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow öz çykyşynyň dowamynda, Aşgabadyň garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezýän Türkmenistanyň ýüzüdigini belledi. “Aşgabat” we “Watan” gazetleriniň baş redaktorlary A.Mämmedow we T.Kakaýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň türk dilindäki neşirleriniň iki ýurduň halklary üçin wajypdygyny nygtadylar. Olar bu kitabyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhyna ýene bir goşant bolandygy barada bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň