Soňky habarlar

Arhiw

Gymmaty ýokdur öýdüler heýkeller 195 müň funt sterlinge satyldy

17:5314.10.2021
0
1923
Gymmaty ýokdur öýdüler heýkeller 195 müň funt sterlinge satyldy

Beýik Britaniýanyň Saffolk okrugynda ýaşaýan bir maşgala göçjek wagty howlusyndaky Müsür sfinksleriniň heýkellerini satmak kararyna geldi.

Maşgala agzalary XVIII asyra degişli bolan heýkelleriň juda bir uly gymmaty bardyr öýdüp pikir hem etmeýärdi.

Şeýlelikde, heýkeller bäsleşikli söwda goýuldy. Şol söwdalarda hem heýkelleriň hakyky sfinkslerdigi ýüze çykdy.

«Ferra.ru»-nyň habaryna görä, gadymy Müsür eserleri Halkara sungat galereýasy tarapyndan 195 müň funt sterlinge satyn alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň