Soňky habarlar

Arhiw

Täze «Ýeke özi öýde» tankytlara uçrady

17:2314.10.2021
0
6685

«20th Century Studios» tarapyndan surata düşürilen Täze ýyl komediýasy bolan «Ýeke özi öýde» filminiň täze görnüşiniň ilkinji wideogörnüşleri paýlaşyldy. Ozalky filmde bolşy ýaly, täze eserde hem köp çagaly maşgala baýramçylykda dynç almaga gidýär we çagalarynyň birini öýde unudýar.

Ozalky filme çalymdaş wakalar bilen oglanjyk öýi talaňçylardan goramaly bolýar. Filmiň baş keşplerinde Arçi Ýeýtes, Elli Kemper, Rob Delani, Eisling Bi, Kenan Tompson ýaly aktýorlar çykyş edýär.

Ilkinji görnüşler kinokompaniýanyň «YouTube» kanalynda paýlaşylandan soň ony 8 müň adam halan bolsa, 22 müň müň çemesi adam halamady.

Ulanyjylaryň köpüsiniň pikiriçe, «Ýeke özi öýdäniň» köne filminiň ornuny hiç bir täze iş tutup bilmez. Hiç bir baş gahryman hem Makoleý Kalkin bolup bilmez.

Filmiň sanly premýerasy 12-nji noýabrda Disney+ hyzmatynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň