9090 bölekli LEGO täze rekordyň eýesi boldy

17:0214.10.2021
0
3421

Adybir oýunjaklar toplumyny öndürýän «Lego» kompaniýasy uly ýaşlylar üçin täze oýunjaklar toplum hödürleýär. «HMS Titanic» atly bu toplum 9090 bölekden ybarat bolup, ol hakyky «Titanikden» 200 esse kiçidir.

Mundan ozal «Lego Colosseum» atly toplum 9036 bölekden ybarat bolup, ol henize çenli iň ulusy hasaplanylýardy.

«HMS Titanic»-iň ýygnalan uzynlygy 137 santimetre ýeter. Şeýlelikde, ol meşhur «Lego Imperial Star Destroyer»-den hem 13 santimetr uzyn bolar.

«Lego HMS Titanic» toplumy 8-nji noýabrda 630 dollara satuwa çykarylar diýip techcult.ru habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň