Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply telekeçiler ýylyň başyndan bäri 20 milliona ýakyn kerpiç öndürdiler

16:3814.10.2021
0
1484

Lebaply telekeçiler üstümizdäki ýylyň dokuz aýynda 19 million 763 müňden geçirip kerpiç öndürdiler. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Gurluşykda giňden ulanylýan bu materiallaryny öndürmek hususy kärhanalaryň on sekizisinde alnyp barylýar. Olaryň käbirleri geçen döwürde bir milliondan geçirip, önümini müşderilere ugratdylar. Mysal üçin, «Sogap işi» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 4 million 726 müň kerpiç öndürdiler. «Allaberen towça» hususy kärhanasynda bu görkeziji 2 million 800 müňe barabar boldy. «Bereketli güýz» hususy kärhanasynda öndürilen gurluşyk materialynyň sany 1 million 193 müňe ýetdi. «Joşgunly iş» hususy kärhanasy bolsa bolsa 1 million 56 müň görkeziji bilen dokuz aýyň jemini jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň