Arhiw

Ýeňijä diňe kubok, ýeňilene 4 000 000 € gowşuryldy

16:1001.01.2015
0
3619

Aşgabat, 1-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Ispaniýanyň we Italiýanyň çempionatyndaky arakesmeden peýdalanyp, Madridiň “Realy” bilen “Milan” Täze ýylyň öňýanynda öz aralarynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi karar etdiler. 

Ýöne bu duşuşygyň diňe türgenleşik däl, eýsem täjirçilik maksadyny hem öňünde goýandygy üçin ony Dubaýda guramak bellenildi. Mälim bolşuna görä, bu duşuşygyň guramaçysy Madridiň “Realyna” şu oýna gatnaşanlygy üçin 4 000 000 € töläpdir.

 Oýnuň derejesine laýyklykda, iki tarapam oňa asuda ýagdaýda girişdi. Bu bolsa onuň hakyky tomaşa öwrülmegine ýaramaz täsirini ýetirdi. Netijede, “Milan” 4:2 hasabynda utup, “Realyň” 22 oýun bäri dowam edip gelýän ýeňişli ýörişini togtatdy. Emma bu oýnuň ýoldaşlyk duşuşygydygy, resmi bäsleşik däldigi sebäpli Karlo Ançelottiniň tälim berýänleri ispan futbolynyň taryhyndaky täze rekordy goýmaga tarap ynamly ädim ädip bilerler. Muňa garamazdan, Dubaýdaky ýeňlişiň “Realyň” degnasyna degendigini aýtmak gerek. Olar 4:1 hasabynda ýeňlip durkalar, diňe soňky minutlarda penaltiden bir goly tora salyp, uly hasap bilen utulmakdan halas boldular. “Milan” ýeňiş gazanmaga mynasypdygyny subut etdi, Filippo Indzagi bolsa özüniň ozalky tälimçisi Karlo Ançelottiden ökde çykdy. Duşyşyk tamamlanansoň, ýeňiş gazanan topara “Dubai Football Challenge” atly kubok gowşuryldy.

Duşuşyk ýoldaşlyk häsiýetli bolsa-da, klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi hökmünde meýdança çykan ilkinji ýeňilmegi madridlilere ýokuş degdi. 

Iki taparyňam hyzmatdaşy bolan “Emirates” awiakompaniýasy bu oýnuň howandary hökmünde çykyş etdi. Duşuşygyň guralan “The Sevens Stadium” stadionynda ozalam meşhur klublar ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçiripdirler. 2009-njy ýylda “Milan” bilen “Gamburgyň” arasynda guralan oýna 28 müň tomaşaçy ýygnanypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň