Bereket etrabynyň pagtaçylary tabşyrygy 65 göterim amal etdiler

12:0114.10.2021
0
993

Bereket etrabynda «ak altynyň» 2 müň 150 gektarda bol hasyly ýetişdirilip, meýilnama 65 göterim amal edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Etrapda pagta ýygnamakda «Türkmenistan» daýhan birleşiginde alnyp barylýan işler nusga alarlykdyr. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň jemi 70-si bu gymmatly ekiniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Welaýatda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan daýhan birleşiginde ýylyň-ýylyna pagtanyň bol hasyly ýygnalýar. Geçen ýyl bellenilen meýilnama 154 göterim amal edilipdir. Kärendeçiler şu ýyl jemi 500 gektar meýdanda gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirdiler.

Pagtanyň bir übtügini-de yrýa etmän ýygnamagy borç bilýän kärendeçiler howanyň häzirki amatly günlerinden netijeli peýdalanmagy başarýarlar. Şunda Döwletgeldi Annageldiýew, Amanmyrat Nazarow, Meretgylyç Garajaýew ýaly hasyl ussatlary köplere görelde bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň