Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kuril adalary bilen bagly meseläniň çözgüdine ünsi çekdi

10:5114.10.2021
0
7920

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Fumio Kişida Mejlisiň aşaky palatasynyň ýygnagynda eden çykyşynda Tokionyň özygtyýarlylygynyň günorta Kuril adalaryndaky adalara degişlidigini aýtdy. «Ýurdumyzyň özygtyýarlylygy demirgazyk sebitlere çenli baryp ýetýär.

Bu meseläni geljekki nesillere galdyrman çözmeli. Hökümet bu adalara eýeçilik meselesini çözmek bilen Russiýa bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagy ýüregine düwdi» diýip, Premýer-ministr çykyşynda aýtdy.

Mundan başga-da, Ýaponiýanyň häkimiýetleriniň bu mesele boýunça Moskwa bilen yzygiderli gepleşiklere taýýardyklaryny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň