Soňky habarlar

Arhiw

«IT-Hyzmat» innowasiýa tehnologiýalar ulgamynda giň hyzmatlar hödürleýär

10:2414.10.2021
0
6776

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň aragatnaşyk tehnologiýalary bazarynda mäkäm orny eýeledi. 2018-nji ýylda döredilen bu hususy kärhana IT ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär hem-de müşderileriň ähli zerurlyklaryny göz öňünde tutup, olar bilen işjeň gatnaşyklary yzygiderli ýola goýýar.

Häzirki wagtda «IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýeti orta hem iri kärhanalar we guramalar üçin iri awtomatlaşdyryş taslamalaryny durmuşa geçirmek, onlaýn dükanlary we web sahypalaryny döretmek bilen meşgullanýar, 1C programma üpjünçiligini durmuşa geçirmek üçin hyzmatlary hödürleýär, şeýle hem IT enjamlary bilen üpjün edýär.

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýetinde iň talap edilýän, müşderiler bilen umumy dil tapyp we onuň işini netijeli hem çalt ýerine ýetirip bilýän ökde hünärmenler zähmet çekýär.

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri öz müşderilerine islendik tehniki meseleleri çözmäge ýardam eder: ofislere hyzmat etmek we enjamlaryny abatlamak işlerini hem alyp barar. Mundan başga-da, bu hususy kärhananyň hünärmenleri ýerli tory we hyzmatlary gurnamaga, düzmäge we dolandyrmaga kömek eder.

Şeýle hem «IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýeti islendik çylşyrymly wideo gözegçilik ulgamlaryny gurmak we sazlamak, şeýle hem ofisler we kompaniýalar üçin telefon (mini-ATS) birikdirmek we programmirlemek üçin hyzmatlary hödürleýär.

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň hemişelik müşderileriniň öz bonuslary bar. Mysal üçin, ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp edilýän zatlary ileri tutýar, şeýle hem olar üçin bahalaryň arzanladýar.

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýeti innowasiýa tehnologiýalaryň bazarynda öz ugry boýunça hünärmen we ýokary hilli hyzmatlary berýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheriniň 2127-nji (G. Kulyýew) köçesiniň 64-nji jaýy (Türkmen deri binasy, 3-nji gat)

«IT-Hyzmat» hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmaklyk üçin telefon belgi: +993 (64) 98-22-66; 10-73-33; 50-51-91

E-mail: ithyzmat@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň