Türkmen wekiliýeti III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşdy

22:1213.10.2021
0
6105

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy. Gün tertibine sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, ekologiýa ugrundaky göreşde, sanlylaşdyrmagy, ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de durmuş özgertmelerinde zenanlaryň orny bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumyň işine zenan parlamentariler, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, iri korporasiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we halkara zenanlar hereketiniň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, bu forum ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentde işleýän beýleki kärdeşleri bilen pikir hem-de tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Milli parlamentimiziň wekilleri “Diplomatiýany, parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde zenanlaryň wezipesi” atly umumy mejlisde çykyş edip, foruma gatnaşyjylary ýurdumyzyň dürli ulgamlarda, şol sanda parlamentara gatnaşyklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, integrasiýa işlerini giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar.

Çykyşlarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde beýan eden sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, täze ulag geçelgelerini döretmek, energetika we suw diplomatiýasy babatyndaky Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Türkmen Lideriniň ähli döredijilikli teklipleriniň Milletler Bileleşiginiň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylandygyny bellemek gerek. BMG tarapyndan 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanylmagy barada hem durlup geçildi.

Foruma gatnaşyjylar tutuş dünýäde howpsuzlygy, durmuş rowaçlygyny üpjün etmek, saglygy goraýşy ösdürmek hem-de ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. 15-nji oktýabra çenli dowam etjek forumyň iş maksatnamasy umumy mejlislerden, strategik mejlislerden, pikir alyşma, şol sanda jemgyýetçilik pikirleriniň liderleri meýdançalaryndan, işewürlik dialoglaryndan, forsaýt mejlislerinden we beýlekilerden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň