Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi.
Söhbetdeşligiň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit hem-de halkara gün tertibine aýratyn üns bermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de söhbetdeşler Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriniň netijeliligi nygtadylar.
Bu ugurda, ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň VI Sammitiniň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kasym-Žomart Tokaýew türkmen-gazak strategiki hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynyň has hem işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan, bu halkara çäresiniň aýratyn wajyplygyny belläp geçdi.
Soňra Daşary işler ministri R.Meredow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ministrler derejesinde geçirilýän duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistana bu Guramada synçy-ýurt derejesiniň berilmeginiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň işiniň esaslanýan ýörelgelerini hem-de wezipelerini, hususan hem gepleşikler we hyzmatdaşlyk arkaly Aziýa yklymynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagyny, umumy bölünmeýän sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny beýan etdi.
R.Meredow Geňeşiň agza-ýurtlaryna Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikde alnyp barylýan işler babatynda minnetdarlygyny bildirip, olary 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Bu çäre geljekde halklaryň parahatçylykly we ynanyşyp ýaşamagynyň dessurlarynyň kemala getirilmegi, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy ýola goýulmagy boýunça giň göwrümli halkara hereketleriniň jemini jemlär, diýip türkmen wekiliniň ýolbaşçysy belläp geçdi.
Ministriň nygtaýşy ýaly, türkmen tarapy umumy wezipeleriň hem-de gymmatlyklaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň BMG, YHG we beýleki abraýly guramalar bilen özara hereketleriniň giňeldilmegini teklip etdi. Mundan başga-da, türkmen tarapynyň birnäçe teklipleri hem-de BMG-niň işiniň ileri tutulýan bäş sany ölçegi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň çäklerindäki geljegi ugurlar beýan edildi.