Soňky habarlar

Arhiw

«Nur ýüpek» matalar dükany haryt nyşanyny täzeledi

10:5911.10.2021
0
4998

Türkmenistanda zenanlaryň arasynda meşhurlyk gazanan «Nur ýüpek» matalar dükany özüniň haryt nyşanyny täzeledi.

«Nur ýüpek» matalar dükanynyň hünärmeni: «Häzirki döwür diňe täzeligi, döredijilikli gözlegi talap edýär. Matalar dükanymyz açylanyna bir ýyldan gowrak wagt boldy. Geçen gysga döwrüň içinde müşderilere edilýän hyzmaty kämilleşdirmek, şeýle-de zenanlaryň isleg bildirýän lybaslarynyň has owadanyny getirip, olaryň satuwyny ýola goýduk. «Nur ýüpegiň» al-ýaşyl reňkli gülýüpekleri gözelligiň gözleginde gezip, geýinmekde milli lybaslary saýlaýan gelin-gyzlarymyzyň iň islegli harytlarynyň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda ol harytlar diňe paýtagtymyzyň çäginde däl, eýsem, welaýat merkezlerinde hem müşderilere elýeterli bahadan hödürlenýär. Gülýüpekleri internet arkaly görüp, sargyt etmek mümkinçiligi müşderileriň sanyny artdyrmakda we olaryň wagtyny tygşytlamakda uly ähmiýete eýedir» diýip, gürrüň berýär.

Belläp geçsek, «Nur ýüpegiň» Aşgabatda ýerleşýän söwda dükanynyň gapdalynda ýörite tikinçilik öýüniň bolmagy satyn alnan matany zenanlaryň isleg bildirýän görnüşinde dessin tikip bermäge mümkinçilik döredýär. Türkiýeden we Hytaýdan getirilýän gülýüpekleriň bir reňkli görnüşine-de, gülli görnüşlerine-de isleg örän ýokary. Milli biçüwde we döwrebap görnüşde ýüpek ýaly gülýüpeklerden tikilen lybaslar Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we moda görkezilişlerde gelin-gyzlaryň hiç birini-de biparh goýmaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň