Soňky habarlar

Arhiw

Jozef Baýden Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

10:4709.10.2021
1
24844

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden ýurtduň garaşsyzlygynyň 245 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag haty üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Onda şeýle setirler bar:

- Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 245 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Arzuw-umytlara beslenen dünýäniň geljegi üçin bilelikde hyzmatdaşlyk edýändigimiz baradaky pikir maňa ylham berýär. Amerikan halky, ozalkysy ýaly, adamlara howpsuz, asuda we abadan durmuşda ýaşamaga kömek etmek arkaly bagtyýarlyga ymtylmaga ygrarly bolmagynda galýar.

Hoşallygymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň