Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet toplumynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi

22:3208.10.2021
0
6373

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurduň ykdysadyýetinde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere syn berildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa degişli döwürde gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, teleradioýaýlymlarda ýaýlyma berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşendigini aýdyp degişli Buýruklara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna, şeýle-de wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aşyrow Arslan Gurbanmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň