Türkmenistandaky «City Business School» sentýabr aýynda edilen işler barada gysgaça syn taýýarlady

13:1008.10.2021
0
4481

Ýurdumyzda onlaýn görnüşdäki işewürlik bilimlerine bolan isleg we zerurlyk günsaýyn artýar. Hut şu nukdaýnazara esaslanyp, paýtagtymyzdaky «City Business School» onlaýn görnüşdäki işewürlik bilimlerine degişli ýokary hilli okuw meýilnamalaryny döretmegi dowam etdirýär.

Türkmenistandaky MBA hünärmenleri sentýabr aýynda edilen işler barada gysgaça syn taýýarladylar.

Aşgabatdaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») 1-nji sentýabrda «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli MBA Mini programmasy boýunça baýrakly ýaryş geçirdi.

«Korporatiw uniwersiteti» şu ýylyň 1-nji sentýabrynda halkara işewürlik bilimi we ýokary derejeli menejment hünäri boýunça uzak aralykdan okuw üçin «City Business School» mekdebinde gapylaryny giňden açdy. 1-den 50-ä çenli adam bir kompaniýa bilen bir wagtyň özünde okuwa başlap bildi.

Aşgabatdaky «City Business School» ISO guramasynyň 2021-nji ýylda telekeçiligi durnukly ösdürmeklige we işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga esaslanýan 8 sany täze halkara ülňülerine we tejribelerine bagyşlanan giň gerimli halkara maslahatyny Özbegistandan gelen hyzmatdaşlary bilen bilelikde geçirdi.

Aşgabatdaky «City Business School» tarapyndan şu aşakdaky häzirki zaman okuwlaryna muzdsuz (tölegsiz) kabul edilmekligi sowgat edýän aksiýa çäresi geçirildi:

• «Liderlik we topar döretmek»
• «Тaým-menejment»
• «Köpçüligiň öňünde çykyş etmek endikleri»

Aşgabatdaky «City Business School» mekdebinde ýokary derejeli menejment okuwy – bu geljekde göterim bilen öwezini doljak üstünlikli maýa goýumdyr.

«City Business School» mekdebiniň okuw maksatnamalary barada jikme-jik maglumaty https://tm.mba.world web sahypasyndan ýa-da şu görkezilen telefon belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz: +99361296397;

  • +99361386417;
  • +99312468165;


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň