Soňky habarlar

Arhiw

“Toyota” kompaniýasynyň çagalaryň arasynda geçiren surat bäsleşigi jemlendi

10:5008.10.2021
0
5195

“Toyota” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Garagum-Ulag» awtodükany tarapyndan «Arzuwymdaky awtoulag» atly çagalaryň arasynda geçirilen surat bäsleşigi jemlendi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar emin agzalaryna A3 ýa-da A4 kagyzda, boýaglarda, reňkli galamlarda, ýa-da galamda çeken suratlaryny emin agzalaryna tabşyrdylar. Bäsleşige hödürlenen suratlarda awtoulaglaryň adama getirýän peýdasy, awtoulaglaryň jemgyýetdäki orny beýan edildi. Bu bäsleşige 3-15 ýaş aralygyndaky ýaş zehinler gatnaşdylar.

Üç ýaşyndaky çagalardan ýeňijileri kesgitlemek üçin bäsleşige gatnaşanlaryň eserleri Ýaponiýadan ýörite düzülen toparyň agzalaryna iberiler, olar iň gowy suratlary saýlarlar. Bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň dekabrynda yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň